Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda döredip berýän şertleri hem-de goldawlary esasynda ähli milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Adamzat mydama parahat durmuşyň arzuwynda ýaşaýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy berkitmek barada edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilip, uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Parahatçylyk ähli halklary birleşdirip biljek gymmatlykdyr. Parahatçylyk ýoly ähli gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin paýhas ýoludyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ähli zatdan ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjy bolsa, aýratyn bir filosofiýa bolmak bilen, oňa halkymyzyň iň gowy däpleri, gadymy ýörelgeleri siňendir.
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň metbugat arkaly paýlaşylmagy ildeşlerimizde uly seslenme döretdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýär. Türkmenistan şu şanly ýylda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlylyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarly bolup, Milletler Bileleşiginiň öňbaşçylyk wezipesini güýçlendirmegiň we ony hemişe goldamagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Konsepsiýada görkezilişi ýaly, ýurdumyz BMG-niň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalaryna hemişe ýakyndan ýardam bermäge taýýar.
Parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, adamzadyň abadan ýaşaýşy üçin örän gymmatly düşünjelerdir. Indi bu düşünjeler döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz täze ösüş-özgerişler bilen öňe gider. Döwletimiziň dünýädäki orny has-da berkär, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty täze rowaçlyklar bilen şöhratlanar.
Türkmenistan ählumumy ykrar edilen ynsanperwer ýörelgeler esasynda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek arkaly, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda kabul edilen kararnamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ygtybarly we ygrarly bolmagyň, hakykatyň we dоgruçyllygyň öňdebaryjy оrun tutýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýýar.
Goý, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljemal ANNAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.