Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ykrar edilip, dünýäde giňden tanalýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň, parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk ideýalarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň «Dialog – parahatçylygyň kepili» taglymatynyň uly meşhurlyga eýe bolup, dünýä halklaryny parahatçylyksöýüjilige, dost-doganlyga çagyrýan şygara öwrülendigini aýtmak ýakymly.
Häzirki döwürde parlament diplomatiýasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda diplomatiýanyň bu görnüşine aýratyn üns berlip, deputatlarymyzyň daşary ýurtlaryň parlament wekilleri bilen kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaklary, birek-biregiň gazanýan üstünliklerini öwrenip, olardan peýdalanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şundan ugur alnyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem parlamentara gatnaşyklar işjeň ilerledilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup, Ýewropa Parlamenti bilen ikitaraplaýyn dialogyň çäklerinde wekiliýetleriň yzygiderli duşuşyklary guralýar. Olar bilen parlament işini, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna hormat goýmak, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ekologiýa, energetika howpsuzlygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşylýar.
Parlament diplomatiýasyny işjeň ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň parlament wekiliýetleri yzygiderli daşary ýurtlarda saparda bolýarlar. Golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna hem-de Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň meýilnamasy baý mazmuny bilen tapawutlandy.
Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça hem netijeli çäreleri görýär.
Häzirki wagtda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ýurtlardyr hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz täze üstünliklere we belent sepgitlere tarap öňe barýar. Gazanylýan üstünlikler, beýik ýeňişler bizi has belent maksatlara ruhlandyrýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasaty bilen berkarar bolýan täze taryhy eýýamyň şan-şöhraty barha beýgelsin, dünýäde parahatçylyk, dostluk, doganlyk sazy ýaňlanyp dursun!
Ogulnabat ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.