Parlamentiň öňki başlygy Patrik Ermini Seýşel adalarynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda häzirki Prezident Wawel Ramkalawany ýeňdi. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy habar berdi. Prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirildi, sebäbi birinji tapgyrda hiç bir dalaşgär sesleriň ýarysyndan gowragyny alyp bilmedi. Sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen birinji tapgyryň netijelerine görä, Ermini 48,8% ses aldy, Ramkalawan bolsa, 46,4% ses aldy.
Saýlawlaryň ikinji tapgyry 9-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçirildi. Jemi sekiz partiýa we 26 saýlaw okrugynda 77 müňden gowrak saýlawçy hasaba alyndy. Ermini “Birleşen Seýşeller”, Ramkalawan bolsa “Seýşel demokratik bileleşiginiň” dalaşgäri.
Ermini 2020-nji ýylda häkimiýetden gitmezden ozal, dört onýyllygyň dowamynda ýurdy dolandyran Birleşen Seýşel partiýasyna wekilçilik edýär. Partiýa 1977-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli häkimiýetiň başynda boldy. Ermini 2007-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Milli ýygnagyň (parlament) başlygy bolup işledi.
Prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirildi, sebäbi birinji tapgyrda hiç bir dalaşgär sesleriň ýarysyndan gowragyny alyp bilmedi. Sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen birinji tapgyrdan soň Ermini 48,8% ses aldy, Ramkalawan 46,4% ses aldy. Öňki ruhany Ramkalawan 2020-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 54,9% ses alyp, ýeňiş gazandy. Ada Respublikasynyň jemi 35 müň 562 raýaty oňa ses berdi. Ol şol ýylyň oktýabr aýynda işe başlapdy.
Seýşel adalary Afrikanyň iň baý ýurdy. Ada Günbatar Hindi ummanynda 1,2 million inedördül metr meýdany eýeleýär we meşhur syýahatçylyk merkezidir. Şeýle hem Hytaý, Pars aýlagy ýurtlary we Hindistan Seýşel adalary bilen maýa goýum we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirýärler.