Dubaýyň halkara aeroportynda emeli täze tehnologiýasy ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa arkaly ýolagçylaryň pasport gözegçiligi emeli aň tarapyndan barlanar. Dünýäde ilkinji bolup ýola goýlan bu usul arkaly ýolagçylar gyzyl haly düşelen dälizden geçerler. Bu ýerden bir wagtda 10 ýolagçy geçip bilýär. Ýolagçylar pasportlaryny ýa-da beýleki resminamalaryny barlatmak üçin haýsydyr bir işgäre görkezmezler we hiçi hili wagt ýitirmezler. Şeýlelikde, ýolagçylar birnäçe sekundyň dowamynda resmi işlerini tamamlap, aeroportdan çykarlar we dünýäniň iň köp ýolagçy kabul edýän howa menzilleriniň biri bolan Dubaýyň halkara aeroportynda ýolagçylaryň geçişi çaltlaşar.