Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugy bilen BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy FAO-nyň bilelikde guramagynda 3 günlük okuw-türgenleşigine badalga berildi. “Merkezi Aziýada Bitewi saglyk çemeleşmesi esasynda pandemiýa taýýarlygy we göreş çäreleri” (Pandemic Preparedness and Response through One Health Approach in Central Asia) atly taslamasynyň çäginde geçirilýän bu okuw-türgenleşik pudaklar arasyndaky işjeňligi we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bitewi saglyk çemeleşmesi iri taslamasynyň çäginde weterinarlaryň, lukmanlaryň hem-de ýabany tebigat pudagynyň hünärmenleriň arasyndaky aragatnaşygy, hyzmatdaşlygy, işjeňligi artdyrmagy, şol sanda maglumatlary ýygnamagy we paýlaşmagy öňe sürýän bu çärä degişli edaralardan 30 töweregi hünärmen gatnaşýar.

Okuw-türgenleşiginiň ilkinji gününde seminar çykyşlary bolup, FAO-nyň ökde hünärmeni Dewid Paton FMD, ýagny haýwanlarda duş gelýän ýaşur ýa-da halk arasynda agsyl diýlip atlandyrylýan kesel barasynda giňişleýin durup geçdi. Ol bu kesel bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlary gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Tejribeli hünärmen keseliň näme sebäpden döreýändigi, onuň öňüni alyş çäreleri, kesele uçran mallara näme etmelidigi, sanjym işleri hakynda wajyp meseleleri agzap geçdi. Şeýle-de, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin biohowpsuzlyk düzgünleri doly berjaý etmelidigini nygtap aýtdy. Şol barada görkezilen wideorolikler gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Seminaryň dowamynda halkara hünärmenler bilen ýerli hünärmenleriň arasynda sorag-jogap arkaly gürrüňdeşlikler hem geçirildi.

Bu okuw-türgenleşigini geçirmegiň esasyny mallarda ýüze çykýan keselleriň ýokançlygyny derňemek, şol bir wagtyň özünde biohowpsuzlyk, nusga almak hem-de pudagara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak ýaly ugurlar düzýär. Galyberse-de, ýerli hünärmenleriň teoriýada hem-de iş ýüzündäki tejribelerini, hünärlerini çuňlaşdyrmagy maksat edinýär.

Okuw-türgenleşiginiň 2-nji güni fermede geçiriler we seminarda öwrenilenleri iş ýüzünde tejribe etmäge gönükdiriler.