Hytaýyň häkimiýetleri Pekini şäherini öňdebaryjy global emeli aň merkezine öwürmek maksady bilen iki ýyllyk emeli aň ösüş meýilnamasyny mälim etdi.
Resminama laýyklykda, Pekinde emeli aňyň binýatlyk pudagynyň göwrümini 1 trillion ýuana (takmynan 140 milliard ABŞ dollaryna) ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji 2025-nji ýyl üçin çaklanylandan (450 milliard ýuan) iki esse köpdür.
Maksatnama dokuz sany strategik başlangyjy öz içine alyp, olar tehnologik öňegidişlikleri, maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmagy we emeli aňy ykdysadyýetiň real sektoryna giňden ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem ýokary hünärli kadrlar düzümini we uzak möhletleýin maýa goýumlaryny çekmek, açyk kodly ekoulgamlary goldamak boýunça çäreler bellenildi.
Pekiniň ösüş we özgertmeler baradaky munisipal komitetiniň başlygy Ýan Sýulin kuwwaty 100 müňden gowrak çipe barabar bolan hasaplaýyş klasteriniň döredilmeginiň esasy ugurdygyny mälim etdi. Şonuň ýaly-da, emeli aň ulgamynda 10-dan gowrak täze öňdebaryjy kompaniýanyň we 20-den gowrak “ýeke şahly” (unicorn – bahasy 1 milliard dollardan geçýän startap) firmanyň döredilmegine garaşylýar.
Hytaýyň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary akademiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Hytaýda 5300-den gowrak emeli aň kompaniýasy hasaba alnan bolup, bu dünýä görkezijisiniň, takmynan, 15 göterimine deňdir.