Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen duşuşykda häzirki wagtda halkara giňişliginde emele gelen ýagdaýlar we sebit derejesindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, dürli ugurlary öz içine alýan 40-a golaý resminama gol çekdiler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde dünýäde durnuklylygy we adalatly halkara ulgamyny berkarar etmekde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi we taraplar bu sebitde harby hereketleri duruzmagyň, parahatçylygy üpjün etmegiň strategik taýdan örän ähmiýetlidigini bellediler. Hytaý tarapy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ugrunda öňe sürülýän sebitara başlangyçlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy goldamaga ýardam etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygy tassyklanyldy, bu bolsa taraplaryň uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny subut edýär.
PDF









