Pentagon UNO baradaky täze resminamalary köpçülige ýetirdi

1

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak ministrligi (Pentagon) köpçülige mälim bolan näbelli uçýan obýektler, ýagny näbelli anomal hadysalar baradaky resminalaryň üçünji tapgyryny neşir etdi. Ministrligiň resmi habaryna görä, täze aýan edilen toplum barlag gulluklary, şol sanda Pentagon, Federal derňew býurosy, Merkezi aňtaw müdiriýeti we NASA tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda ýygnalan 72 sany taryhy resminamany öz içine alýar. Goranmak ministrliginiň habar bermegine görä, degişli maglumatlar ýöriteleşdirilen döwlet internet sahypasynda ýerleşdirildi we bu ugurdaky goşmaça maglumatlary yzygiderli esasda çap etmek meýilleşdirilýär. Resmileriň tassyklamagyna görä, internet sahypasy açylan gününden bäri dünýä boýunça 1,7 milliarddan gowrak ulanyjy tarapyndan görlüp, häzirki wagtda degişli edaralar tarapyndan resminamalaryň nobatdaky tapgyryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.