Amerikan edebiýatynyň nusgawy eseri bolan Mark Tweniň “Geklberri Finniň başdan geçirmeleri”» romanyna täzeçe garaýyş hökmünde ýazylan Persiwal Ewerettiň “Jeýms” romany häzirki wagtda dünýäniň iň köp satylýan kitaplarynyň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär.
Persiwal Ewerett bu eseriň üstünde birnäçe ýyllap işledi we roman ilkinji gezek 2024-nji ýylyň mart aýynda çap edildi. Ýöne kitabyň dünýä derejesindäki meşhurlygy 2025-nji ýylyň dowamynda we 2026-njy ýylyň başynda iň ýokary derejesine ýetdi.
Awtor Mark Tweniň 1884-nji ýylda ýazan meşhur romanyndaky esasy wakalary üýtgetmän, ony başga bir rakusdan – garawulçylykda saklanýan gul Jeýmsiň gözi bilen täzeden gürrüň berýär.
“Jeýms” romanynyň gysga wagtyň içinde dünýä belli bolmagynyň birnäçe sebäbi bar; Tweniň originalynda Jim “sada we akylsyz” ýaly görünýän bolsa, Ewerettiň kitabynda ol örän sowatly, pelsepeçi we emeli usulda öz akyl-paýhasyny gizleýän çylşyrymly gahryman hökmünde görkezilýär.
Kitap çykan badyna “The New York Times” we “The Guardian” ýaly neşirler tarapyndan ýokary baha berildi. Eser 2024-nji ýylda Buker baýragynyň gysga sanawyna girdi we ABŞ-nyň Milli kitap baýragyna eýe boldy. Bu bolsa okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Awtor gulçulyk baradaky köne hekaýatyň üsti bilen şu günki günüň kemsitme we azatlyk meselelerine inçe yşaratlar edýär.
“Ewerett diňe bir nusgawy eseri täzeden ýazman, eýsem, edebiýat taryhyndaky iň uly adalatsyzlyklaryň birini düzetdi” diýip, dünýäniň iň abraýly edebiýat žurnaly “Literary Review” ýazýar. Häzirki wagtda bu kitap onlarça dile terjime edildi we eýýäm onuň esasynda film surata düşürmek boýunça işler alnyp barylýar.