97-nji Oskar baýraklarynda iň gowy operator baýragy ugry boýunça baýrak garaşylyşy ýaly “Brutalist” filminiň operatory Lol Krawli ýeňiji diýlip yglan edildi. “Brutalist” filminde ýaňlanýan sazlaryň awtory Daniel Blumberg iň gowy saz baýragy ugry boýunça Oskar baýragy bilen sylaglandy. Filmde baş keşbi ýerine ýetiren amerikaly aktýor Adrien Broudi iň gowy aktýor baýragynyň ýeňijisi boldy. Ol bu ugurda esasy bäsdeşi Raýf Faýnesden öňe saýlanmagy başardy. Broudi mundan 23 ýyl ozal “Pianist” (“Pianinoçy”) filmindäki keşbi bilen 29 ýaşynda iň gowy aktýor urgy boýunça Oskar alan iň ýaş aktýor bolupdy. Broudi şondan bäri ýeke gezek hem dalaşgär görkezilmändi. Ol 2-nji dalaşgärliginde 2-nji Oskaryny gazandy.