Ýylyň ikinji çärýeginde has kiçi, ýanyňda götermäge amatly hasaplanýan planşetleriň satuwy 13% artyp, 38,3 milliona ýetipdir. Bu barada “International Data Company” (IDC) kompaniýasy habar berýär. Kiçi göwrümli kompýuterlere islegiň ýokarlanmagynyň täze planşetleriň tanyşdyrylmagy, okuw maksatnamalary we Hytaýda bu enjamlara berilýän ýeňillikler bilen baglydygy mälim edildi. Degişli döwürde “Apple” 12,7 million planşeti müşderilere iberipdir. Bu görkeziji bazaryň 33,1 göterimini emele getirýär. Ikinji ýerdäki “Samsung” kompaniýasy 7,2 million planşet satypdyr. Şeýlelikde, satylan planşetleriň 18,7 göterimi “Samsung” nyşanly bolupdyr. Üç aýyň dowamynda “Lenovo” kompaniýasy 3,1 million planşet satyp, bazaryň 8,2 göterimini düzüpdir. Kompaniýanyň satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25% ýokary bolupdyr.