Plastik çäýnekleriň saglyga zyýanly taraplary anyklandy

2

Awstraliýaly alymlaryň geçiren täze ylmy barlaglary polipropilen maddasyndan taýýarlanan plastik çäýnekleriň adam organizmine yzygiderli mikro we nanoplastik bölejikleriniň düşmegine sebäp bolup biljekdigini ýüze çykardy. «NPJ Emerging Contaminants» žurnalynda çap edilen ylmy işe görä, täze plastik çäýnekde ilkinji gezek suw gaýnadylanda, onuň her bir millilitrinde 12 milliona golaý nanoplastik bölejikleri emele gelýär. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şeýle çäýnekde gaýnadylan diňe bir käse çaýyň düzüminde ortaça 3 milliarda golaý plastik bölejikleri saklanyp bilýär we bu ýagdaý adam saglygyna, aýratyn-da, içege, öýken ulgamlaryna hem-de nerw ulgamynyň işjeňligine ters täsirini ýetirip bilýär.
Ylmy barlaglaryň barşynda alymlar plastik enjamlaryň bölejikleri bölüp çykarmagyny azaltmagynyň iki sany esasy usulyny we tärlerini anykladylar. Onuň birinji usuly – düzüminde minerallar köp bolan suwy ulanmakdan ybarat bolup, suw gaýnan wagty çäýnegiň içinde emele gelýän gatlak plastik bölejikleriniň suwa garyşmagynyň öňüni bölekleýin saklaýar. Ikinji netijeli usul bolsa, täze çäýnek satyn alnanda, ony ulanmazdan ozal suwuny birnäçe gezek gaýnadyp dökmekdir. Alymlar gaýnatma işi 10 gezek gaýtalanandan soň plastik bölejikleriniň azalýandygyny, 50 gezekden soň bolsa has-da peselýändigini subut etdiler. Şunlukda, ýönekeý durmuşda çäýnegi diňe sowuk suw bilen çaýkamak garaşylýan netijäni bermeýär. Bu ylmy açyşlar geljekde aşhana enjamlarynyň howpsuzlyk ölçeglerini kämilleşdirmäge we öndürijileriň degişli duýduryş ýazgylaryny ýerleşdirmeklerine gönükdirilendir.