Şri-Lankanyň hökümeti biologik taýdan çüýremeýän bir gezeklik plastik önümleriň ulanylmagyny büs-bütin gadagan etdi.

-Daşky gurşawy goramak, şeýle hem adada ýaşaýan pilleri we ýabany sugunlary halas etmek maksady bilen şeýle çäre görülýär – diýip, hökümetiň resmi wekili, maglumat ministri Bandul Gunawarda belledi.

Onuň sözlerine görä, şu ýylyň iýun aýynda Şri-Lankada plastik önümleri öndürmek we olary satmak doly gadagan ediler. Bu çäreler ýurtda plastik paketleri ulanmazlyk babatda 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän gadagançylygyň, şeýle hem bir gezek ulanylýan plastik gap-gaçlary hem-de bu materialdan ýasalan çaga oýnawaçlaryny ýurda getirmezlik babatda 2021-nji ýylda girizilen gadagançylygyň üstüni ýetirer.

Ýerli ekoologlaryň pikiriçe, Şri-Lankadaky plastikden ýüz öwürmek çäresi, ekologiýa taýdan arassa materiallar babatda dünýä modasyna hormat däl-de, gyssagly zerurlykdyr. Ýurt her gün onlarça tonna plastik galyndy öndürýär. Zerur enjamlaryň ýoklugy sebäpli olar hiç hili gaýtadan işlenilmeýär. Plastik ýere gömülensoň daşky gurşawy zäherläp, ýabany haýwanlaryň ölmegine sebäp bolýar.