Plutonyň täzeden planeta hasaplanyp-hasaplanmazlygy baradaky mesele ABŞ-nyň Senatynda NASA-nyň 2027-nji ýyl üçin býujetiniň ara alnyp maslahatlaşylýan wagtynda ýene-de orta atyldy. NASA-nyň administratory Jared Aýzekman Plutonyň planeta statusynyň yzyna berilmegini doly goldaýandygyny we bu meseläni ylmy jemgyýetçiligiň öňünde gaýtadan gozgamak üçin NASA-nyň ýörite ylmy makalalary taýýarlaýandygyny mälim etdi. 1930-njy ýylda açylan we 2006-njy ýyla çenli dokuzynjy planeta hasaplanan Pluton, Halkara astronomiýa birleşiginiň (IAU) girizen täze kadalaryna, ýagny, öz orbitasyny beýleki jisimlerden arassalamak şertine laýyk gelmändigi sebäpli “girdenek planeta” derejesine düşürilipdi. Emma NASA-nyň «New Horizons» zondunyň 2015-nji ýylda iberen suratlary Plutonyň örän çylşyrymly geologik gurluşynyň, buzluklarynyň we daglarynyň bardygyny görkezip, bu ylmy çekişmeleriň täzeden janlanmagyna sebäp boldy. Häzirki wagtda Pluton resmi taýdan girdenek planeta hasaplanylsa-da, onuň ykbaly NASA-nyň hödürlejek täze ylmy delillerine bagly bolar.