Oý­la­nyp ta­py­ly­şy

Maşk en­ja­my we sport gu­ra­ly hök­mün­de ula­nyl­ýan «Po­go stick» bök­me­gi ha­la­ýan­lar üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu güý­men­je en­jamy köp­çü­li­giň ara­syn­da meş­hur­lyk ga­za­nyp, 2012-nji ýyl­da «Xpo­go» at­ly iş­jeň sport gör­nü­şi­ni eme­le ge­tir­di. Po­go ta­ýa­jy­gy we­lo­si­pe­diň tu­ta­wa­jy­na meň­zeş rul­dan, na­so­sa meň­zeş pru­žin­li bö­lek­den, aýak­bas­gyç­dan we aşa­gy re­zin­li me­tal aýa­jyk­dan yba­rat. De­ňag­ram­ly­ly­gy we çe­ýe­li­gi ta­lap ed­ýän bu oý­na­wa­jy se­re­sap­ly ulan­ma­ly. Il­ki po­lo ta­ýa­jy­gy­ny­nyň tu­ta­wa­jy­ny eliň bi­len mä­käm sak­la­ma­ly. Soň­ra bir aýa­gy­ňy il­di­rip, ýu­waş­lyk bi­len bö­küp baş­la­ma­ly. Bö­küş he­re­ke­tiň saz­la­şyk­ly ýag­da­ýa ge­çen­den soň ikin­ji aýa­gy­ňy hem aýak­bas­gy­ja goý­ma­ly. Po­go ta­ýa­jy­gy bi­len 1 metr­den baş­lap, 3,5 met­re çen­li be­ýik­li­ge bö­küp bol­ýar.

Po­go ta­ýa­jy­gy­na meň­zeş bö­kül­ýän en­jam il­kin­ji ge­zek 1881-nji ýyl­da Kan­zas şta­ty­nyň Wi­çi­ta şä­he­rin­de (ABŞ) Jorj H.Her­ring­ton ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Oý­lap ta­py­jy­nyň bu en­ja­my «uzak ara­ly­ga we be­ýi­ge bök­mek üçin» diý­lip pa­tent­leş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki za­man po­go ta­ýa­gy­na meň­zeş en­ja­my bol­sa ger­ma­ni­ýa­ly Maks Poh­lig we Ernst Gottschall oý­lap tap­ýar. 1920-nji ýyl­da pa­ten­ti ha­sa­ba al­nan bu en­ja­myň ady oý­lap ta­py­jy­la­ryň fa­mi­li­ýa­syn­da­ky iki harp­dan – «po­go» sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. 1950-nji ýyl­lar­da hem me­ha­nik­ler ta­ra­pyn­dan po­go ta­ýa­jy­gyn­a bir­nä­çe üýt­geş­me­ler, gur­luş we be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry girizilýär. Şeý­le hem ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar üçin po­go ta­ýa­jy­gy­nyň aşa­gyn­da ýel be­ril­ýän re­zi­ni bo­lan uzyn tu­ta­waç­ly gör­nü­şi oý­la­nyp ta­pyl­ýar.
Po­go ta­ýa­jy­gyn­da bök­mek ýa­ryş­la­ry ar­ka­ly bir­nä­çe dün­ýä re­kord­la­ry go­ýul­dy. Hä­zir­ki wagt­da uzak wagt­lap po­go­da bök­me­giň us­sa­dy Jeýms Ru­me­lio­tis bo­lup, ol ýe­re aýa­gy­ny goý­maz­dan 20 sa­gat 13 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 206 müň 864 ge­zek ýo­kar­ly­gy­na bök­di. Sport hü­när­men­le­ri 6 ýaş­dan ki­çi ça­ga­la­ra po­go ta­ýa­jy­gyn­da bök­me­gi ga­da­gan ed­ýär­ler. Po­go ta­ýa­jy­gyn­da bök­mek is­le­ýän­ler go­rag baş­ga­by­ny we dyz­lyk geý­me­gi ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Şeý­le hem po­go ta­ýa­jy­gyn­da­ky maşk­lar we güý­men­je bö­küş­le­ri re­zin dü­şe­len meý­dan­ça­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li.