Ýewropa Bileleşiginiň “Politico” neşiri Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň wezipesinden çekilmegi bilen baglanyşykly bolup biljek wakalar baradaky çaklamasyny mälim etdi.
Şarl Mişel iýul aýynda wezipesinden çekilse, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri “mirasdüşer” barada tiz ylalaşmaly bolar diýip, “Politico” neşiri ýazýar. Bileleşigiň Liderleri Mişeliň ýerine kimiň bellenjekdigi barada çalt ylalaşyk gazanyp bilmeseler, Ýewropa Geňeşiniň başlyklygy 2024-nji ýylyň iýulyndan dekabr aýyna çenli wagtlaýyn Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana geçer. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlyklygy rotasiýa esasynda alty aý möhlet bilen Ýewropa Bileleşiginiň bir agzasyndan beýlekisine geçýär.
Şeýlelikde, Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň häzirki başlygy Şarl Mişel Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara ilkinji gezek dalaşgär bolýar, şeýle hem ilkinji gezek möhletinden öň wezipesinden çekilýär. Mişel noýabr aýynyň ahyryna çenli öz wezipesinde galmalydy.
Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunda 6-9-njy iýunda geçiriljek Ýewropa Parlamentiniň saýlawlaryndan soň, Ýewropa liderleri 17-nji iýunda, soňra bolsa, 27-28-nji iýunda duşuşarlar. Şol maslahatlarda Mişeliň ornuny gelýän adam barada belli bir ylalaşyk gazanmaga tagalla ederler.