UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň 1-nji oýunlary geçirildi. Kiçi hasaply ýeňişleriň bellige alnan agşamynda 3 topar myhmançylykda ýeňiş gazandy.
Şolaryň biri-de “Porto” topary bolup, portugal kluby Germaniýada “Ştutgarty” Moffi we Moranyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Germaniýanyň başga bir wekili “Fraýburg” hem myhmançylykda “Genkden” 1-0 hasabynda asgyn geldi. “Selta Wigo” bilen “Lion” toparlary Rueda hem-de Endrigiň gollary esasynda 1-1 deňme-deň oýnady.
Italýan derbisinde ýeňiş gazanan bolman, “Bolonýa” bilen “Romanyň” arasyndaky duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Ýewrokuboklarda şu tapgyrda ýeňiş gazanan ýeke-täk iňlis kluby bolan “Aston Willa” myhmançylykda “Lill” toparyny Olli Watkinsiň 61-nji minutda geçiren goly bilen ýeňlişe sezewar etdi.
1/8 finalyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:
FERENSWAROŞ – BRAGA: 2-0 /Kaniçowski 32, Josef 69/
PANATINAIKOS – BETIS: 1-0 /Taborda 88 p/
GENK – FRAÝBURG: 1-0 /El Wahdi 24/
SELTA – LION: 1-1 /Rueda 25 – Endrik 87/
ŞTUTGART – PORTO: 1-2 /Undaw 40 – Moffi 21, Mora 27/
NOTTINGAM FOREST – MIDTÝULLANN: 0-1 /Ço Gue-sun 80/
BOLONÝA – ROMA: 1-1 /Bernardeski 50 – Pellegrini 71/
LILL – ASTON WILLA: 0-1 /Watkins 61/
PDF









