Angliýanyň “Premier Ligasy” 25 ýyldan soň çempionatyň resmi topuny üýtgedýär. Çempionatda täze möwsümden başlap, “Puma” kompaniýasynyň toplary ulanylar. Şu wagta çenli, 25 ýyllap “Nike” kompaniýasynyň toplary ulanylyp, onuň bilen şertnamanyň möhleti uzaldylmady.
“Puma” kompaniýasy häzirki wagtda “Mançester Sitiniň” hem esasy hemaýatkärleriniň hatarynda bolup, Kai Hawerts, Jeýms Meddison, Harri Maguaýr ýaly futbolçylar bilen mahabat şertnamasyny ozal baglaşypdy.
“Puma” kompaniýasy Angliýanyň 2-nji ligasy bolan EFL-niň duşuşyklaryny hem top bilen üpjün edýär. “Barnsli”, “Roterham Ýunaýted”, “Bläkpul”, “Wimbledon”, “Piterboro Ýunaýted” ýaly klublaryň hem hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär.
Köp wagtdan bäri “Serie A”-ny, 2019/20 möwsüminden bäri-de “La Ligany” futbol toplary bilen üpjün edýän nemes brendi Italiýada “Milan”, Germaniýada “Borussiýa Dortmund” ýaly uly klublaryň hem köýnekçe hemaýatkäridir.
Öňümizdäki günlerde “Premier Liga” bilen “Pumanyň” arasynda uzak möhletleýin şertnama baglaşylar. Şonda şertnamanyň möhleti, aradaky tölegler we beýleki maglumatlar jikme-jik mälim ediler.
Şunlukda, “Puma” Ýewropada TOP 5 çempionatyň 3-siniň futbol topy hemaýatkäri bolar.