FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy “Çelsiniň” garşydaşy Fransiýanyň PSŽ topary boldy. UEFA Çempionlar Ligasynyň täze çempiony PSŽ UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gazanan kluby “Real Madridi” 4-0 hasabynda derbi-dagyn etdi. “MetLife Stadium”-da oýnalan duşuşygyň esasanam 1-nji ýarymynda has erjel oýun görkezen parižliler arakesmeden öň ispan toparynyň derwezesinden 3 gol geçirdi. Entek 10 minut dolmanka, “really” goragçylaryň gödek ýalňyşlyklaryndan peýdalanan PSŽ 6-njy minutda Fabian Ruiz hasaby açdy. 9-njy minutda bolsa Usman Dembele goragçy Antonio Rüdigeriň ýalňyşlygyny boş goýman, hasaby 2-0-a çykardy. Duşuşygyň 24-nji minutynda bolsa Fabian Ruiz ýene bir gezek tapawutlanyp, aratapawudy hasam artdyrdy. 2-nji ýarymda az-kände oýnuň depgini gowşap, ispan klubuna geçirden 3 golunyň biriniň hem öwezini dolmak başartmady. Duşuşygyň 87-nji minutynda bolsa PSŽ-niň portugaliýaly hüjümçisi Gonsalu Ramuş oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, PSŽ topary “Atletikodan” soň bu ýaryşda “Real Madridi” hem 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
“Real Madrid” 20 oýundan soň ýeňildi
“Real Madrid” bolsa FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda 20 oýundan soň ilkinji gezek (17 ýeňiş, 3 deňlik) asgyn geldi. Duşuşyk Luka Modriçiň klubdaky iň soňky oýny boldy.