Fransiýanyň çempionatynyň 18-nji tapgyra 2 duşuşyk bilen badalga berildi. Soňky çempion PSŽ öz meýdançasynda öňdäki orunlar üçin göreşýän “Lill” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda PSŽ 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Parižlilere ýeňiş getiren gollary 13-nji we 64-nji minutlarda Dembele bilen 90+4-nji minutda Barkola geçirdi.

PSŽ – “Lill” duşuşygynda öň oýnalan oýunda bolsa “Monako” öz meýdançasynda “Loriýandan” 3-1 hasabynda ýeňildi. Gollaryň 4-si hem duşuşygy soňky 25 minutynda derwezä girizildi. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Dieng (68), Makengo (85) hem-de Dermane (87) geçirip, ýer eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini 76-njy minutda Ansu Fati öz adyna ýazdyrdy.