Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin geljek hepde Hytaýa sapar eder. Saparyň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giň gerimli gepleşikler meýilleşdirilýär. Onuň iş sapary dört gün dowam eder.
Şeýle hem Putin, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hytaýyň Týanszin şäherinde 31-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda guraljak sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Bu çärä 20-den gowrak daşary ýurt döwletiniň ýolbaşçylary, şeýle hem 10 halkara guramasynyň wekilleri gatnaşar. Hytaýyň daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, döwlet Baştutanlary ŞHG-niň üstünlikli tejribesini ara alyp maslahatlaşarlar, guramanyň ösüşiniň ugruny kesgitlärler, guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ylalaşyga gelerler we guramany has jebis jemgyýete öwürmek barada pikir alyşarlar.