15-nji awgustda ABŞ-nyň Alýaska ştatynyň Ankorij şäherinde Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy temasy halkara ýagdaýy boldy. Duşuşygyň netijelerine taraplar oňyn baha berdiler. Amerikan lideriniň pikiriçe, sammit ägirt uly ösüşlere we köp meselelerde ylalaşmaga mümkinçilik berdi.
Gepleşiklere Putiniň we Trampyň ýany bilen gelen wekiliýetleriň agzalary hem gatnaşdy. Russiýa tarapyndan daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow, amerikan tarapyndan bolsa, döwlet sekretary Marko Rubio we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili Stiwen Witkoff gatnaşdylar. Şeýlelikde, gepleşikler resmi taýdan “üç-üç” formatda dar formatdaky maslahat bilen başlandy.
Russiýanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler üç sagat töweregi dowam etdi we iki lideriň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda iň uzyny boldy. Üç-üç formatda guralan maslahatdan soň döwlet Baştutanlary metbugat üçin beýanat berdiler. Turuwbaşdan iki lideriň hem sammite oňyn baha berendigi belli boldy.
– Biziň gepleşiklerimiz özara hormat we konstruktiw ýagdaýda geçdi. Olar örän içgin we peýdaly boldy – diýip Russiýanyň Prezidenti aýtdy.
-Bu gün hakykatdan hem, uly ösüş gazandyk, Prezident Putin bilen örän gowy gatnaşyklarymyz bar – diýip, amerikan lideri hem öz gezeginde belledi.
Rus lideri duşuşygy Alýaskada geçirmek baradaky teklibi üçin Trampa hoşallyk bildirdi.
– Bu ýerde duşuşmak örän manyly, sebäbi ýurtlarymyz ummanlar bilen bölünen hem bolsa ýakyn goňşular – diýip Putin aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti öz gezeginde, Putini ýakyn wagtda ýene-de görmäge umyt edýändigini aýtdy. Şeýle hem, ABŞ bilen Russiýanyň bilelikde işlemek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Gepleşikleriň ahyrynda Russiýanyň Prezidenti Alýaskadaky sowet uçarmanlarynyň guburlaryna gül goýdy. Şondan soň Putiniň uçary Russiýa tarap ugrady.