Welosiped sürmek, top oýnamak ýa-da satyn alnan oýnawaçlara güýmenmek belli wagtdan soňra ýadadyp biler. Emma öz eliň bilen ýasan oýnawajyň has gyzykly hem-de gadyrly bolýar. Tomusky dynç alyş günlerinde irdenin ýa-da agşamara howanyň salkyn çagy pyrlawaç uçuryp oýnamak hem gyzykly bolar. Eýsem, siz kagyzdan pyrlawaç ýasap bilýäňizmi?!
Ilki bilen, ähli tarapy deň kagyz almaly. Eger kagyz gönüburç bolsa, gaýçynyň hem-de çyzgyjyň kömegi bilen dörtburç edip kesmeli. Pyrlawaç ýasamak üçin reňkli kagyzy, ýazylan ýa-da adaty görnüşdäki islendik kagyzy hem ulanyp bilersiňiz. Kagyzy suratdaky ýaly atanaklaýyn çyzyp, ortasynda we dört burçunda berkidiljek ýerleri bellemeli. Çyzyk bilen görkezilen ýerleri kesmeli we dört burçunda bellenen nokatlary ortaky nokadyň üstüne getirip ýelimlemeli. Emele gelen periň ortasyndan telpeklije çüý ýa-da bir tarapy halkaly iňňe ötürmeli. Soňra pyrlawajy taýajyga berkitmeli. Öz eliňiz bilen kagyzdan ýasan oýnawajyňyz ylganyňyzda ýa-da welosipediňize dakyp süreniňizde, şemalyň täsirine pyrlanyp başlar. Mähriban çagalar, pyrlawaç bilen wagtyňyzy şadyýan geçiriň!