Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riadyň golaýynda gurulýan ägirt uly «Qiddiya City» taslamasynyň çäginde dünýä derejeli täze awtodrom we atçylyk sport toplumy peýda bolar. 2034-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän bu «gigant şäher» diňe bir sport merkezi bolman, eýsem, dünýäniň iň döwrebap ýaşaýyş, dynç alyş we syýahatçylyk nokadyna öwrüler. Parižden üç esse uly boljak bu şäherçede «Formula-1» ýaryşlaryny kabul etjek 70 metrlik «Blade» öwrümi bolan «Speed Park» awtosport toplumy gurlar. Ýaryş ýoluna açylýan ýaşaýyş binalary, şol sanda 89 otagly bäş ýyldyzly «Sports Car Hotel» we 168 otagly «F1 Overlook Hotel» myhmanhanalary muşdaklara ýaryşlary hut öz otaglaryndan synlamaga mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, taslamanyň çäginde dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze ippodrom hem gurulýar. Bu ýerde sebitde ilkinji gezek atlaryň diňe göni ugra çapmagy üçin niýetlenen bir millik otly ýoda, şeýle hem umumy uzynlygy 2200-2400 metr bolan dürli örtükli aýlawlar bolar. Geljekde dünýäniň iň gymmat baýrakly (20 million dollar) at çapyşygy bolan «Saudi Cup» hem hut şu ýerde geçiriler. 21 müň tomaşaçy üçin niýetlenen münberleri, «Michelin» ýyldyzly aşpezleriň hyzmat edýän restoranlary we dünýä derejeli atçylyk klinikasy bolan bu toplum ýylyň bütin dowamynda hyzmat eder. «Qiddiya Investment Company» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Abdulla Aldauudyň belleýşi ýaly, bu täsin şäher sportuň, medeniýetiň we häzirki zaman şäher gurluşygynyň birleşýän nokady bolup, halkara sport dünýäsinde täze standartlary kesgitlär.
PDF









