Raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanar

49

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.