20–22-nji oktýabrda Seýşel adalary Respublikasynyň paýtagty Wiktoriýa şäherinde Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk açarlar direktoriýasynyň 33-nji maslahaty geçirildi.
Maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibi migrasiýa we serhet gözegçiligi ulgamyndaky giň gerimli wezipeleri öz içine aldy. Çäräniň dowamynda taraplar Açyk açarlar direktoriýasynyň 2026-njy ýylda durmuşa geçiren işleriniň netijelerini özara maslahatlaşdylar. Şeýle hem serhet gözegçiligini we elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, maglumat enjamlarynyň tehniki binýadyny kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Maslahatyň dowamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, elektron resminamalary boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy.
Gullugymyzyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Çeşme: migration.gov.tm