Dünýä Kubogynyň dalaşgärlerinden, Ýewropanyň çempiony Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Tälimçi Luis de la Fuente yglan eden 26 oýunçydan ybarat gutarnykly düzümine “Real Madridden” ýeke futbolçy hem almady. Bu baradaky sowala bolsa ol – Men hiç bir oýunçynyň klubuna seredemok. Men biziň bilen oýnap biljek, biziň taktikamyza gabat gelýän futbolçylary çagyrýaryn – diýip jogap berdi. “Barselonadan” 8 futbolçy çagyrylyp, olaryň arasynda azda-kände şikesi bolan Lamin Ýamal hem bar. Şikesi bolan Fermin Lopes, şol sanda şowsuz möwsüm geçiren Alwaro Morata, Karlos Soler, ýyldyz oýunçy Isko, Robin Le Normand ýaly futbolçylar hem sanawyň daşynda galdy.
Ispaniýanyň ýygyndysy “H” toparçada Kabo Werdeniň, Urugwaýyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Unaý Simon (Atletik Bilbao) Dawid Raýa (Arsenal) Hoan Garsiýa (Barselona) GORAGÇYLAR Mark Kukurelýa (Çelsi) Aleks Grimaldo (Baýer) Pau Kubarsi (Barselona) Emerik Laport (Atletik Bilbao) Mark Pubill (Atletiko) Erik Garsiýa (Barselona) Markos Llorente (Atletiko) Pedro Porro (Tottenham) ÝARYMGORAGÇYLAR Pedri (Barselona) Fabian Ruiz (PSŽ) Martin Zubimendi (Arsenal) Gawi (Barselona) Rodri (Mançester Siti) Aleks Baena (Atletiko) Dani Olmo (Barselona) Mikel Merino (Arsenal) HÜJÜMÇILER Mikel Oýarzabal (Real Sosiedad) Niko Williams (Atletik Bilbao) Ýeremi Pino (Kristal Palas) Ferran Torres (Barselona) Borha Iglesias (Selta) Wiktor Munýos (Osasuna) Lamin Ýamal (Barselona)
PDF









