Fransiýanyň CMA CGM logistika kompaniýasy Hytaýyň döwlet gämi gurluşyk kompaniýasyna (CSSC) 16 sany iri konteýner gämisini sargyt etdi. Ylalaşygyň umumy bahasy 3,2 milliard dollar bolup, hytaý kompaniýasynyň bir gezekde alan iň gymmat sargydy boldy. Ylalaşygyň çäklerinde sygymy 23 müň konteýner bolan 4, sygymy 15 müň konteýner bolan 12 gämi gurlup berler. Gämiler Şanhaý we Dalýan şäherlerindäki şäherlerindäki gämi gurluşyk kärhanalarynda gurlar.
Merkezi edarasy Marselde ýerleşýän CMA CGM kompaniýasynyň 606 konteýner gämisi bolup, olaryň jemi sygymy 3,41 million konteýnere barabar. Kompaniýa pandemiýa döwründe işini ilerledip, dünýäniň üçünji gämi gatnaw kompaniýasy bolupdy.
Kompaniýa fewral aýynda Günorta Koreýadaky gämi gurluşyk zawodlarynyň birine 13 müň konteýner sygymy bolan 12 gämi sargyt edipdir. Şeýlelikde, bu kompaniýa flotyna umumy sygymy 920 müň konteýner bolan 101 täze gämini goşup, dünýäde ikinji ýerde durýan “Maersk”-iň yzyndan ýetmegi meýilleşdirýär.
Mahira Gahrymanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









