Şu günler Ýewropanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ispaniýada hem yssy howa höküm sürýär. Güneşli ýurduň Portugaliýanyň serhedine golaý bolan Uelwa şäherinde termometrler 46 derejäni görkezdi. Meteorologlar bu görkezijiniň iýun aýy üçin täze rekorddygyny belleýärler. Ýurduň Meteorologiýa edarasynyň maglumatyna görä,
mundan ozalky rekord 1965 ýylda Sewiliýada hasaba alnypdyr. Şonda termometriň sanlary 45,2 derejäni görkezipdir. Aşa yssy howa Angliýa, Fransiýa, Italiýa, Portugaliýa Gresiýa ýaly beýleki Ýewropa ýurtlarynda hem dowam edýär.
Angliýanyň Meteorologiýa edarasy ýurduň dürli ýerlerinde howanyň temperaturasynyň 35 derejä çenli ýetip biljekdigini çaklady.