Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçirilen ýarym marafon ylgawynda dünýä rekordy täzelendi. Ugandaly meşhur ylgaýjy Jeýkob Kiplimo 21,0975 kilometr aralygy 57 minut 20 sekuntda tamamlap, dünýä rekordyny goýdy. Bu ugurda ozalky rekordy efiopiýaly Ýomif Kejelça degişli bolup (57:30), Kiplimo onuň rekordyny 10 sekunt ösdürmegi başardy.
Kiplimo 5 ýyl ozal 57 minut 31 sekuntda pellehana gelip, rekordy öňe täzeläpdi. Ýöne 2024-nji ýylda Walensiýada geçirilen ýaryşda Kejelça rekordy 1 sekuntlyk görkeziji bilen öz adyna geçiripdi.
PDF









