14-nji oktýabrda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Rimdäki baş edarasynda guramanyň 80 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň Bütindünýä azyk forumy açyldy.
Bir hepde dowam etjek forum “Iýmitiň hilini ýokarlandyrmagyň we gowy gelejegiň hatyrasyna el ele berip” şygary astynda geçirilýär. Bu çärä birnäçe dünýä lideri, ministrler we dürli pudaklardan müňlerçe wekil gatnaşýar. Olar howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi bilen baglanyşykly barha artýan kynçylyklar sebäpli global oba hojalyk we azyk ulgamlaryny üýtgetmäge gönükdirilen ýokary derejeli gepleşiklere, sergilere we ýaşlaryň başlangyçlaryna gatnaşarlar.
-Iýmit – durmuş, medeniýet we adamyň esasy hukuklarynyň biri – diýip, FAO-nyň baş müdiri Sýuý Dunýuý forumyň açylyşynda belledi.
Ol bütin dünýäde 673 million adamyň henizem açlykdan, 2,3 milliard adamyň bolsa azyk howpsuzlygyndan ejir çekýändigini duýdurdy.
1945-nji ýylda döredilen FAO açlyga garşy göreş, iýmitlenmegi gowulandyrmak we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara tagallalaryna ýolbaşçylyk edýär.
Ilkinji Bütindünýä azyk forumy 2021-nji ýylda geçirileli bäri bu forum hökümetleri, alymlary, maýadarlary we ýaş ýolbaşçylary esasan ýaşlar, ylym we innowasiýa we maýa goýumlary ýaly üç esasy ugurda bir ýere jemleýän esasy platforma öwrüldi.