Hy­ta­ýyň ro­bot önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Unit­ree» kom­pa­ni­ýa­sy Şan­haý bir­ža­sy­na gi­rip, paý­na­ma­la­ry­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. 10 ýyl ozal esas­lan­dy­ry­lan kom­pa­ni­ýa ite meň­zeş dört aýak­ly, şeý­le hem adam­sy­pat ro­bot­la­ry we aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­la­ry ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Kom­pa­ni­ýa paý­na­ma­la­ry­ny 150,8 ýu­an­dan (22,3 dol­lar) sa­tu­wa çy­kar­dy. Şol gü­nüň ahy­ryn­da paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy 460 gö­te­rim gym­mat­lap, 845 ýua­na (125,3 dol­lar) ýet­di. Ne­ti­je­de, 40 mil­li­on 450 müň paý­na­ma­ny hö­dür­län kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar gym­ma­ty
50 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa paý­na­ma­lar­dan al­nan gir­de­ji­ni «akyl­ly» ro­bot­la­ryň nus­ga­la­ry­ny, tä­ze en­jam­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de inf­rast­ruk­tu­ra­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin sarp eder.
2016-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Unit­ree» dört aýak­ly we adam­sy­pat ro­bot­la­ry, ola­ryň mo­tor, sen­sor we gö­zeg­çi­lik me­ha­nizm­le­ri­ni ön­dür­ýär. Ge­çen ýyl kom­pa­ni­ýa 5 müň
500-den gow­rak adam­sy­pat ro­bot­la­ry ön­dü­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä­dä­ki şeý­le en­jam­la­ryň 32 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­le­ri 48,5% ar­typ, 1,15 mil­liard ýua­na (170 mil­li­on dol­lar) ýet­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­la­ýan ro­bot­la­ry önüm­çi­lik, lo­gis­ti­ka, göz­leg-ha­las ediş, ylym-bi­lim we gün­de­lik dur­muş ýa­ly dür­li ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar.

Aýnur Taganowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.