Robot taksi synagdan geçirilýär

158

Bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­lik ed­ýän “Zoox’ şe­re­ke­ti hiç hi­li do­lan­dy­ry­jy en­jam otur­dyl­ma­dyk, öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän tak­si­si­ni ýol he­re­ke­ti­ne açyk ýol­lar­da sy­nag­dan ge­çi­rip baş­la­dy. San Fran­sis­ko şä­he­ri­niň ýol­la­ryn­da baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa öz ulag­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­lik­çe ro­bot tak­si hep­dä­niň ahy­ryn­da we gün­di­zi­ne sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Ulag di­ňe ho­wa­nyň go­wa wag­ty iş­le­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­nyl­dy. Eý­ýäm kä­bir kom­pa­ni­ýa aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ulag­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şu ýy­lyň ahy­ryn­da “Ge­ne­ral Mo­tors”-yň eýe­çi­lik ed­ýän “Crui­se” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Ori­gin” at­ly sü­rü­ji­siz ula­gy­nyň köp­çü­lik­leý­ni önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. “Zoox” hem-de “Ori­gin” ulag­la­ry gur­luş taý­dan bir-bi­ri­ne örän meň­zeş. Bu iki ulag­da hem sü­rü­ji üçin hiç hi­li orun göz öňün­de tu­tul­man­dyr. Bi­ler­men­ler bu ulag­la­ryň köp ilat­ly şä­her­ler­de ýol dyk­ny­şy­gy­ny ara­dan aýyr­mak­da peý­da­ly bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Nur­mu­ham­met Pe­na­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.