“Amazon” kompaniýasynyň awtonom ulag hyzmatyny ýola goýmaga ýöriteleşdirilen “Zoox” şereketi Los-Anjelesiň köçelerinde sürüjisiz taksileri müşderileriň hyzmatyna hödürlär. Kompaniýa şu ýylyň tomus aýlarynda Las-Wegasda we San-Fransiskoda sürüjisiz hereket edýän taksileriň ýolagçy gatnadyp başlajakdygyny habar berdi. “Zoox” häzirki wagtda birnäçe şäherde sürüjisiz taksilerini synagdan geçirýär. Kompaniýa “Toyota Highlander” ulagyny kamera, lidar we beýleki tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryp, sürüjisiz ulaga öwürdi. Şeýlelikde, bu ulag hereket etjek çäginiň kartasyny bilýär we adamyň galtaşygy bolmazdan ýoluny tapýar. Bu ulag bilen belli bir wagt ýolagçy gatnadylandan soňra has köp maglumat toplanar. Kompaniýanyň inženerleri ondan hiç hili dolandyryş enjamy bolmadyk ulaglary işläp taýýarlamagy we hyzmata hödürlemegi maksat edinýärler.