Italiýanyň paýtagty Rimiň “Roma” topary düzümine birbada 2 futbolçy goşdy. Paýtagtlylar iňlis kluby “Aston Willanyň” niderland hüjümçisi Donýell Maleni möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzümine goşdy. Italýan kluby kärende tölegi üçin iňlis toparyna 2 million ýewro berer. Jiallorossililer Maleniň oýnundan hoşal bolsalar, onda ony tomusda 25 million ýewro berip, ymykly düzümine goşarlar. PSW-niň ýaşlar düzüminde futbola başlan Donýell PSW, “Borussiýa Dortmund” klublarynyň köýnekçesini geýipdi.

Şeýle-de, “Roma” topary “Marselden” fransiýaly hüjümçi Robinio Wazy hem transfer etdi. 18 ýaşyndaky hüjümçi üçin rimliler fransuz klubuna goşmaçalardan daşgary 22 million ýewro tölärler. Waz italýan kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Waz şu möwsümde “Marselde” 19 oýunda 4 gol geçirdi.

Şunlukda, Romadaky hüjümçileriň sany artyp, bu iki transferden öňem paýtagtlylar düzüminde Artem Dowbyk, Ewan Ferguson, Matias Sule, Paulo Dibala, “Aston Willadan” kärendesine alnan Leon Baili, Tommaso Baldanzi, Stefan El-Şaarawi ýaly hüjümde oýnaýan oýunçylar bardy.