Saud Arabystanynyň Super Kubogynyň final duşuşygynda “Al-Ahli” bilen “Al-Nassr” toparlary duşuşdy. Gonkongda oýnalan oýnuň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolmady. Çekeleşikli geçen oýnuň 41-nji minutynda Kristiano Ronaldo penaltini dürs urup, “Al-Nassr” toparyny 1-0 hasabynda öňe saýlady. Bu onuň “Al-Nassr” toparyndaky 100-nji goly bolup, ol 4 klubda hem-de milli ýygyndyda 100 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi. Ronaldo “Mançester Ýunaýtedde” 145, “Real Madridde” 450, “Ýuwentusda” 101, milli ýygyndyda-da 138 gol geçirdi.
Ronaldonyň bu goluna 45+6-njy minut “Al-Ahli” topary Frank Kessiniň goly bilen jogap berdi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda-da edil 1-nji ýarymyndaky ýaly toparlar garşylykly gol geçirdiler. Has takygy, 82-nji minutda Brozowiçiň goluna “Al-Ahli” topary 89-njy minutda Ibanýesiň goly bilen jogap berdi. Oýundan soň penalti urgularynda “Al-Nassr” topary ýeke säwlik goýberdi. Ronaldo, Brozowiç, Feliks topy dürs ursa, Al-Haibariniň urgusyny derwezeçi saklamagy başardy. “Al-Ahli” toparynda bolsa Touni, Kessi, Mahrez, Al-Buraikan hem-de Galeno topy ýalňyşmazdan derwezä girizdiler. Şunlukda, penaltilerde 5-4 hasabynda üstün çykan “Al-Ahli” topary 2016-njy ýyldan soň 2-nji gezek Saud Arabystanynyň Super Kubogyny gazanmagy başardy.
Ýarym finalda “Al-Ahli” “Al-Kadsiýa” toparyny 5-1, “Al-Nassr” topary bolsa “Al-Ittihad” 2-1 hasabynda ýeňipdi.
“Al-Nassr” bilen kubok gazanmak başardanok
“Al-Nassr” topary geçen ýylam finalda “Al-Hilaldan ýeňlipdi. Ronaldo “Al-Nassr” topary bilen umumylykda 3-nji gezek ilkinji kubogyna golaýlasa-da, ýene bir ýola bu oňa başartmady.
2013-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýan bu kubogy iň köp “Al-Hilal” topary gazandy. 5 gezek eýelän “Al-Hilaldan” soň “Al-Nassr” bilen “Ah-Ahli” toparlary 2 kubok bilen ikinjiligi paýlaşýarlar. “Al-Ittihad”, “Al-Fateh” hem-de “Al-Şabab” klublary-da 1 gezek ýeňiiji boldular.