Russiýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda 10 aýda iki esse artyp, rekord derejede 54,7 milliard dollara deň boldy. Bu barada Hindistanyň gümrük maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berdi.
Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hindistan rus harytlarynyň importyny iki esse ýokarlandyryp, 51,4 milliard dollara, öz önümleriniň eksportuny Russiýa Federasiýasyna 1,4 esse artdyryp, 3,3 milliard dollara ýetirdi. Şeýlelikde, söwda dolanyşygy 54,7 milliard dollara ýetdi, bu bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse ýokary dereje we taryhdaky iň uly mukdardyr.
Söwdanyň şeýle okgunly ösmegi Russiýa Federasiýasyna Hindistanyň dördünji uly söwda hyzmatdaşy we ikinji möhüm üpjün edijisi bolup galmaga mümkinçilik berýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu ugurda öňdebaryjy bolup galýar, ýanwar-oktýabr aýlarynda olaryň arasyndaky söwda 9% azalsa-da – 99,9 milliard dollara deň boldy. Ikinji orny Hytaý eýeleýär, üçünji orunda BAE gelýär. Saud Arabystany Hindistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň bäşligine girýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Russiýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ilkinji gezek 50 milliard dollardan geçdi