Häzirki wagtda Russiýada 53 million töweregi ýeňil awtoulag bar. Soňky 10 ýylda ýurtda ulaglaryň sany 8,7 million artdy, diýlip, «RIA Nowosti” agentligi habar berýär.
2024-nji ýylda ýurtda 52,9 milliondan gowrak ýeňil awtoulag bolup, olaryň 49,5 millionyndan gowragy raýatlaryň eýeçiligindedir. Bu görnüşdäki ulaglaryň sany ýylsaýyn köpelýär. 2023-nji ýylda 51,5 million (şolardan 48,5 milliony raýatlaryň eýeçiliginde), 2022-nji ýylda 50,6 million (şolardan 47,8 milliony raýatlaryň eýeçiliginde) ýeňil awtoulag bardy.