Dünýä belli ýazyjy Jorj R. R. Martiniň meşhur «Buzuň we oduň aýdymy» fentezi tapgyrynyň başlangyjy bolan «Tagt oýunlary» romanynyň ilkinji gezek çap edilmegine 30 ýyl dolmagy mynasybetli, kitabyň aýratyn gymmatly ýubileý neşiri köpçülige hödürlener. «Folio Society» neşirýatynyň yglan eden bu kaşaň kolleksiýa neşiriniň söwdalary 14-nji iýulda başlar we ol diňe 1000 sany bellenen nusgadan ybarat çäkli möçberde satuwa çykarylar. Sahypalarynyň gyralaryna sap altyn çaýylan hem-de ýörite dizaýndaky gutularda hödürlenjek bu kitabyň bir nusgasynyň bahasy 2200 amerikan dollaryna deň bolar we her bir nusga awtor Jorj R. R. Martiniň hut özi tarapyndan gol çekiler.
Taryhy fentezi edebiýatynda uly öwrülişik guran kitabyň daşky jildi hakyky deriden taýýarlanyp, aždarha hamynyň şekili berlen ýörite jiltler bilen örtüler we hakyky tyllaýy nagyşlar bilen bezelip, içki dizaýnynda karta üçin gizlin bölümler ýerleşdiriler. Jemi 872 sahypadan ybarat boljak çäkli neşiriň şekil bezeglerini meşhur suratkeş Jonatan Býurton ýerine ýetiren bolsa, kitabyň giriş sözüni meşhur fentezi romanlarynyň awtory Jo Aberkrombi ýazdy. Häzirki zaman edebiýat giňişliginde öçmejek yz galdyran we dünýä taryhynda iň köp tomaşa edilen ekran eserleriniň birine öwrülen bu romanyň ýubileý sany dünýäniň kitap muşdaklary we kolleksiýaçylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen garaşylýan gymmatlyklaryň biridir.
PDF









