Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen gepleşikleriniň netijesinde Russiýa Federasiýasyndan amerikaly we dünýä bazarlaryna dizel ýangyjyny ibermek boýunça ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

АBŞ-nyň Döwlet Baştutany bu barada «Truth Social» sosial ulgamyndaky öz sahypasynda ýazdy. «Men Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen örän netijeli gepleşikleri geçirdim. Onuň dowamynda Russiýanyň haýal etmän amerikan we dünýä bazarlaryna 300 müň tonnadan gowrak, noýabr aýynda ýene-de 500 müň tonna we ondan soň bir million tonna dizel ýangyjyny ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň ýagdaýyna baglylykda, Russiýa gysga wagtyň içinde ýene 3 million tonna dizel ýangyjyny iberer» diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti belledi.

Ol amerikalylar, özem indiki nobatda fermerler, ranço eýeleri we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin bahalaryň peseldilmeginiň öz öňünde durýan ilkinji derejeli wezipe bolup durýandygyny nygtady.