20–22-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň ITMO uniwersitetiniň guramagynda 11-nji Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda matematika bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Respublikalarynyň, şeýle-de Senegal döwletiniň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden 351 talyp gatnaşdy.
Bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şahsy hasapda 7 altyn, 9 kümüş medala mynasyp boldular. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Şabibi Nurjanowa, Hajymuhammet Ataýew, Orazguly Gylyjow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Muhammet Annaýew, Mergen Meredow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Selbi Ruslanowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa dagylar altyn medala eýe boldular.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Rahmet Penjiýew, Kerim Toýlyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwletgeldi Şakirjanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Yslam Haýytmuhammedow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Begenç Saparow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Gurtgeldi Hanow, Myrat Janmyradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Baýram Turaýew kümüş medala mynasyp boldular.
Toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary birinji orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň topary ikinji orna, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň topary üçünji orny eýeledi.