Germaniýada häzirki wagtda 12,82 ýewro bolan sagatlyk iň pes zähmet haky ýokarlandyrylar. Geljek ýylyň başynda bir sagatlyk iň pes zähmet haky 13,90 ýewro, 2027-nji ýyldan başlap 14,60 ýewro ýetiriler.
Ýurtda ilkinji gezek sagatlyk zähmet haky 2015-nji ýylda girizilipdi. Şonda bu mukdar 8,50 ýewro diýlip kesgitlenipdi.