Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da sag­çy kon­ser­wa­tiw Şweý­sa­ri­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu saý­law­lar­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy­nyň (SPP) 28,6% ses alan­dy­gy bel­li bol­dy. Ol Mil­li Ge­ňeş­dä­ki frak­si­ýa­sy­ny 9 orun art­dyr­dy we hä­zir­ki wagt­da 62 de­pu­tat or­nu­na eýe bol­dy.
On­dan soň 41 orun bi­len So­sial-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy gel­ýär. “Mer­kez” par­ti­ýa­sy 29 sa­ny par­la­ment or­nu­na eýe bol­dy. “Er­kin de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy. Li­be­ral­lar” – 28, “Ýa­şyl­lar” par­ti­ýa­sy – 23. Res­pub­li­ka­nyň mej­li­sin­de we­kil­çi­lik ed­ýän beý­le­ki par­ti­ýa­lar bol­sa ep-es­li yz­da gal­dy.
“Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ri­len hä­zir­ki par­la­ment saý­law­la­ry­nyň kä­bir üýt­ge­şik aý­ra­tyn­lyk­la­ry gö­ze il­ýär. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy 2015-nji ýyl­da­ky öň­ki re­kord ne­ti­je­si­ne ga­ty go­laý­la­şyp, hem­me­le­riň ün­si ýurt­da mö­hüm ha­sap­lan­ýan mig­ra­si­ýa me­se­le­sin­de jem­len­di. “Bloom­berg”-iň bel­leý­şi ýa­ly, Şweý­sa­ri­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy ýur­duň öň­den gel­ýän bi­ta­rap­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge ta­gal­la ed­ýär.
Mil­li Ge­ňeş­dä­ki Şweý­sa­ri­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­sy­nyň frak­si­ýa­sy­nyň li­de­ri To­mas Aşi SRF te­le­wi­de­ni­ýe­si­ne be­ren in­terw­ýu­syn­da – Bu saý­law­la­ryň ne­ti­je­si im­mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň ha­sam güýç­len­di­ril­me­gi­ne se­bäp bo­lar – diý­di.
Şweý­sa­ri­ýa döw­le­ti Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da­ky bir döw­let bo­lup, 26 kan­ton­dan yba­rat fe­de­ral Res­pub­li­ka­dyr. Bu ýurt Gün­ba­tar, Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär, gü­nor­ta­da Ita­li­ýa, gün­ba­tar­da Fran­si­ýa, de­mir­ga­zyk­da Ger­ma­ni­ýa, Awst­ri­ýa we gün­do­gar­da Lih­tenş­teýn bi­len ser­het­leş­ýär. Alp dag­la­ry se­bi­tiň köp bö­le­gi­ni tut­sa-da, tak­my­nan, 8,5 mil­lion ila­ty bo­lan Şweý­sa­ri­ýa­nyň ila­ty, esa­san, iki sa­ny glo­bal şä­her – Sýu­rih we Že­ne­wa ýa­ly iň uly şä­her­le­riň ýer­leş­ýän pla­to­sy­na jem­le­nen­dir.