Fran­si­ýa­nyň Eks-Mar­sel uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri Sa­ha­ra çö­lün­den as­te­ro­id bi­len çak­ny­şan­soň Ýer­den go­pup aý­ry­lyp, ep-es­li wagt kos­mos­da bo­lup, soň ýe­ne-de yzy­na ga­çan il­kin­ji me­teo­rit-bu­me­ran­gy tap­dy­lar. Bu açyş ba­ra­da “Dai­ly Ma­il” ha­bar ber­ýär.
NWA 13188 me­teo­ri­ti Sa­ha­ra çö­lün­den ta­pyl­dy. Onuň bar­lag­la­ryn­da dü­zü­min­de dün­ýä­de wul­kan ji­sim­le­ri üçin mah­sus bo­lan ba­zalt we an­de­zit por­fi­rit­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­kez­di. Şeý­le-de, onuň dü­zü­min­de di­ňe kos­mos­da­ky şöh­le­ler bi­len öza­ra tä­si­re gi­ren ha­la­tyn­da eme­le ge­lip bil­jek “be­ril­liý-3”, “ge­liý-10” we “ne­on-21” izo­top­la­ry­nyň jem­len­me­si ýo­ka­ry bo­lup çyk­dy.
Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler da­şyň dü­zü­min­den me­teo­rit­le­riň Ýe­riň at­mos­fe­ra­syn­dan uçup, ýe­re gaç­ma­gy ne­ti­je­sin­de, eme­le gel­ýän erän ga­by­gy tap­dy­lar. Ola­ryň pi­ki­ri­çe, daş ýer­den ge­lip çy­kyp­dyr, ýö­ne, tak­my­nan, 10 müň ýyl mun­dan ozal as­te­ro­id bi­len çak­nyş­ma­nyň ne­ti­je­sin­de, kos­mo­sa zy­ňy­lyp­dyr, soň­ra ýe­ne-de Ýe­re ga­çyp­dyr.