“Samsung” kompaniýasy golaýda A seriýasyna degişli orta derejeli telefonlaryny çykarypdy. Indi bolsa koreý brendi F seriýasyna degişli arzan bahaly telefonyny köpçülige görkezdi. Täze tanyşdyrylan “Galaxy F” seriýasyna degişli telefonlaryň arasynda “Galaxy F14” iň arzan bahalysy hasaplanýar. 160 dollardan satyljak mobil enjamyň ululygy 6,6 dýuým bolan FHD+ durulygynda ekrany bar. “Exynos 1330 5nm” mikroprosessor oturdylan telefonyň yz tarapynda 50 megapiksel durulygynda esasy kamerasy bar. Şeýle hem 2 megapiksel durulygynda ýene ir kamera sensory ýerleşdirilipdir. Öň tarapda bolsa, 13 megapiksel durulygynda surata düşürýän selfi kamera ýerleşdirilipdir.
Barmagyň yzyny okaýan sensor bolsa telefonyň gapdalynda ýerleşdirilipdir. Telefonyň 4 GB hem-de 6 GB RAM-ly iki görnüşi bar. içki ýady 128 GB bolan telefon aýyň ahyrynda satuwa çykarylar.
Žeýhun Garaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









