Behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy, at münmegiň ussady hem-de atçylyk sportuny wagyz edýän Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, täze taryhy döwürde ahalteke bedewi okgunly ösýän Türkmenistanyň baş nyşanyna öwrüldi. Diýarymyzda ençeme asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän gadymy seýisçilik sungatyny dikeltmek we kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bu günki günde seýisler milli atşynaslyk sungatynyň iň gowy däplerini mynasyp dowam etmek bilen, gözelligiň we ajaýyplygyň beýany bolan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny aýawly saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, döwletimiz atçylyk pudagynyň ösdürilmegine ägirt uly serişdeler goýberýär. Bu maýa goýumlar halkara ölçeglere laýyk gelýän häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, bar bolan maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, ylmy barlaglaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, tohumçylyk-seçgiçilik işleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu işler degişli ugurda milli hem-de dünýä tejribesini ulanmak, ýokary derejeli hünärmenleri – seýisleri, çapyksuwarlary, seçgiçileri, weterinarlary we beýlekileri taýýarlamak arkaly alnyp barylýar.
Ahalteke bedewi türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy, buýsanjyň hem-de söýginiň nusgasy bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda biziň halkymyzyň kalbynda iň inçe duýgulary hem-de belent ylhamy oýarýan, onuň ösüşlere bolan maksatlaryny emele getirýän aýratyn ajaýyplyk bolup gelipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde ýokary sylaglara, baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä meşhurlygy hem ahalteke bedewlerine goýulýan sarpanyň nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Mundan ozal, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen IDOL bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp boldy.
Ine, şeýle üstünlikler ýurdumyzyň ahalteke atlarynyň gadymy mekanydygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Aýgül ESENOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.