Şu gün – 3-nji iýunda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Peterburg halkara ykdysady forumy (PHYF) badalga alýar. 6-njy iýuna çenli dowam etjek foruma 130-dan gowrak ýurduň hem-de halkara guramalaryň, işewürligiň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleridir bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. PHYF-niň bu gezekki myhmany hökmünde Saud Arabystany Patyşalygy saýlanyp alyndy.
Baş mowzugy «Pragmatik dialog – durnukly geljege tarap ýol» bolan forumyň maksatnamasy dünýä ykdysadyýetiniň özgerýän häzirki döwründe global ösüşiň döwrebap gurluşyny kemala getirmäge bagyşlanandyr.
Bu barada TASS habarlar gullugy ýazýar.
PDF









