Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýär.

Bu çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry dö­re­dil­di. Bu to­pa­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty baş­lyk­lyk ed­ýär.
9-njy ýan­war­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da bu to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň üs­ti bi­len mer­da­na hal­ky­my­zyň asyl­ly däp-des­sur­la­ry­ny, myh­man­sö­ýer­li­gi­ni, eziz Di­ýa­ry­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gül­läp ös­ýän­di­gi­ni we ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä aý­dyň gör­kez­me­li­di­ris» di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de Di­ýa­ry­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ril­jek hal­ka­ra çä­re­le­riň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge go­şant goş­mak ba­bat­da mö­hüm wa­ka bol­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. BMG se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýän Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär.
Bu şan­ly ýyl­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 80 ýyl­ly­gy we ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­ler.
Şu­lar­dan ugur al­nyp Türk­me­nis­tan­yň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň do­wa­myn­da­ky iş­le­riniň we ile­ri tut­ýan ugur­la­rynyň Kon­sep­si­ýa­sy taý­ýar­la­nyl­dy.
Oňa la­ýyk­lyk­da birnäçe hal­ka­ra çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

1. Hal­ka­ra fo­rum­lar we mas­la­hat­lar:
– 2025-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň res­mi açy­ly­şy;
– mow­zuk­la­ýyn mas­la­hat­lar we dia­log­lar, şol san­da BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň we Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, BMG-niň Pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra meý­dan­ça­la­ryň çäk­le­rin­de;
– par­la­men­ta­ra dia­log fo­ru­my;
– pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mek bo­ýun­ça se­bit mas­la­hat­la­ry;
– pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ry;
– pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň bäh­bi­di­ne ze­nan­la­ryň we ýaş­la­ryň or­nu­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra çä­re­ler;
– BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­syn­da bi­ta­rap­lyk bi­len bag­ly ge­çi­ril­jek mas­la­hat.

2. Mag­lu­mat we aň-bi­lim işi:
– bi­ta­rap­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ne, onuň da­wa­la­ryň öňü­ni al­mak­da, dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak­da eýe­le­ýän or­nu­na ba­gyş­la­nan mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­mak we çap et­mek;
– bi­lim mak­sat­ly çä­re­le­ri, ýag­ny okuw sa­pak­la­ry­ny, in­te­rak­tiw okuw mas­la­hat­la­ry­ny gu­ra­mak;
– pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek hem-de bu işe äh­lu­mu­my de­re­je­de ýaş­la­ryň go­şu­lyş­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­ny we san­ly dip­lo­ma­ti­ýa­ny ama­la aşyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak.

3. Hal­ka­ra me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler:
– «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy» at­ly fes­ti­wal;
– «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak» at­ly hal­ka­ra ýaş­lar bäs­le­şi­gi;
– hal­ka­ra sport çä­re­le­ri;
– Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi;
– ta­lyp­lar üçin yl­my bäs­le­şik­ler we mas­la­hat­lar;
– mek­dep­ler­de pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ba­ra­da­ky açyk sa­pak­lar.

4. BMG-niň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň de­re­je­sin­dä­ki iş­ler:
– Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň mow­zuk­la­ýyn du­şu­şy­gy;
– pa­ra­hat­çy­lyk zo­la­gy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si;
– ösü­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça se­bit­le­ýin du­şu­şyk.

5. We­bi­nar­lar we wi­deo­mas­la­hat­lar:
– hyz­mat­daş­lar bi­len bi­ta­rap­lyk ha­kyn­da we­bi­nar­lar;
– hal­ka­ra gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça bi­lim ber­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da wi­deo­mas­la­hat­lar.

6. Se­bit­le­ýin we ýö­ri­te­leş­di­ri­len çä­re­ler:
– Ha­zar me­se­le­si bo­ýun­ça du­şu­şyk­lar;
– Mer­ke­zi Azi­ýa­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn dia­log­lar;
– ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça okuw mas­la­hat­la­ry.
2025-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek iri hal­ka­ra fo­rum bol­sa ýy­lyň mö­hüm wa­ka­sy bo­lar.