Ýokary tehnologiýa talap edýän sanly ulgam islendik pudagyň ösüşine ýardam edýär. Bu ugurda Hytaý dünýäde öňdeligi eýeleýän ýurtlaryň biridir. 2021-nji ýylyň ahyryndaky maglumatlara görä, ýurtda sanly ykdysadyýetiň pul dolanyşygy 45,5 trillion ýuana (6,29 trillion dollar töweregi) ýetipdir. Bu görkeziji jemi içerki önümiň 39,8%-ini emele getirýär. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň hasabatyna görä, Hytaýda 1,05 milliard internet ulanyjy bolup, ilatyň 74,4 göterime internet elýeterliligine eýe. Ýurtda 1,85 million 5G stansiýalary gurlup, 5G abonentleriniň sany 455 milliona barabar boldy.
Resminama görä, Hytaýda sarp ediş harytlarynyň onlaýn bölek satuwy 2021-nji ýylda 10,8 trillion ýuana deň bolup, 12% ýokarlandy.
Mähri Hojakgaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









