Käte okuw derslerine näçe taýýarlansaň-da, garaşylýan netijäni gazanyp bolmaýar. Muňa ünssüzlik, hepdelik meýilnama görä sapaklara taýýarlanmazlyk ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Sapakda geçilýän maglumatlary, okuw derslerini çalt özleşdirmek we netijeli öwrenmek üçin käbir şertlere üns bermeli. Hünärmenler sapaklara netijeli taýýarlanmagyň usullary barada aýdyp, okuw ýylyny üstünlikli jemlemegiň kyn däldigini belleýärler.
Okuw sapaklaryna bir ýerde taýýarlanmak. Öýe berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin öýüň asuda we rahat otagyndan özüňiz üçin ýer taýýarlamaly. Her gün şol bir wagtda we şol bir ýerde sapaklara taýýarlanmaly. Ýeriňi we sapaklara taýýarlanýan wagtyňy üýtgetmezlik netije gazanmagyň ilkinji şertidir.
Sapaklara taýýarlanylýan otag ýönekeý bolmaly. Has dogrusy, otagda artykmaç zat: diwarlyklar, telewizor we şuňa meňzeş ünsüňi özüne çekýän öý goşlary bolmaly däl. Ünsüňi diňe özleşdirýän dersiňe gönükdirmeli. Öwrenen zatlaryňy gaýtalanyňda we ýat tutanyňda boş diwara seretmeli.
Öýde okuw derslerine taýýarlanylýan parta we oturgyjyň bolmagy hökmanydyr. Otagyň temperaturasynyň 18-20 dereje bolmagy, ýagny mylaýym howanyň bolmagy sapaklara ýadaman, uzak wagtlap taýýarlanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem otaga yşyklandyryş ulgamy arkaly ýagtylygyň kadaly derejede düşmegi, okuw kitaplarydyr depderleriň ýerli-ýerinde tertipli ýerleşdirilmegi zerurdyr.
Her gün sapaklara taýýarlanyp bolanyňdan soň, okuw esbaplaryňy, kitapdyr depderleri gözden geçirmeli. Taýýarlanan temalaryňdan ýatdan çykmagy mümkin bolan bölekleri kagyza bellemeli. Edebiýat, geografiýa, taryh derslerinden suratyny çekmek we çyzmak ýaly usullary peýdalanmak sapaklara has erjel taýýarlanmaga mümkinçilik berýär.
Boş wagtyň synpdaşlaryň ýa-da dostlaryň bilen sorag-jogap alyşmak we geçilenleri gaýtalamak okuw derslerini düýpli özleşdirmäge ýardam edýär. Muny öý telefonyndan ýa-da öýjükli telefondan jaňlaşmak arkaly hem ýerine ýetirip bolar. Esasan hem, iňlis we rus dili sapaklaryndan geçilýän temalary sorag-jogap alyşmak we şol dilde gepleşmek arkaly özleşdirmek geljekde has uly netije gazanmaga mümkinçilik berýär.
Hünärmenler ýatmazdan 1 sagat öň, sapaklara taýýarlanmagy bes etmegi maslahat berýärler. Şeýle hem ýatylýan otagda ýa-da ýatan ýeriňde kitap okamagyň ýatkeşlige we ukynyň hiline täsir edýändigini belleýärler. Şol sebäpli okuw derslerine taýýarlanylýan aýratyn ýeriň (otagyň) bolmagy we şol ýerde sapaklara taýýarlanmagyň usullary möhüm şertleriň biridir.
Okuw derslerine täsir edýän ýagdaýlar
Ýeterlik ukynyň we fiziki işjeňligiň okuw derslerine oňyn täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Giç ýatmak we giç turmak saglyk bilen bir hatarda, sapaklara ýetişigiňize hem oňaýsyz täsir eder. Gün tertibine eýermäge, sagdyn iýmitlenmäge we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge çalşyň!
Uzak wagtlap sapaklara taýýarlanylanda hökmany suratda arakesme etmegi unutmaly däl. Arakesme etmek beýnä biraz dynç bermäge, taýýarlanylýan temany has aňsat we ýatda galyjy derejede özleşdirmäge ýardam edýär. Oturgyçda uzak wagtlap oturylandan soň myşsalary berkidiji maşklary ýerine ýetirmeli.
Çylşyrymly we uzyn temalary özleşdirmek birbada kyn bolup biler. Şol sebäpli temany öz diliňizde ýönekeýleşdirmeli we mazmun döretmeli. Sapagy kitapdaky ýaly edip ýatdan aýtmakdan saklanyp, öz düşünişiňize görä gürrüň bermäge synanyşmaly. Gysgaça mazmuny döretmek geçilen temalary biri-biri bilen baglanyşdyrmaga, uzak wagtlap ýatda saklamaga kömek edýär.